
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady.
Gahryman Arkadag özbek Liderine doglan güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.
Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň ýokary depgin bilen ösýändigini belledi.
“Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini nygtamak isleýärin. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we netijeli gepleşikler ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam edýär” diýip, Gurbanguly berdimuhamedow aýtdy.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, işewürler toparlarynyň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak, sebitara hereketler we senagat taýdan goşulyşmak boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar. Medeni çäreleriň, sergileriň we konsertleriň geçirilmegini öz içine alýan ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Taraplar halkara hem-de sebit gün tertibi boýunça hem pikir alyşdylar.
Söhbetiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçysyna saglyk we döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.