
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmen Lideri öz hatynda Mirziýoýewiň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanjyny beýan etdi. Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berdi we hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.