Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan türkmen-ýapon işewürlik forumyny geçirer
19.07.2025

18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nökerguly Atagulyýewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi