
2025-nji ýylyň 9-njy iýulynda “Sagdyn çagalyk” ady bilen geçirilen medeni çäre ýurdumyzyň ýaş neslini tebigata bolan söýgi ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetli waka öwrüldi. “Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasy bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýaşlary daşky gurşaw bilen arassa gatnaşyga höweslendirmek ugrunda nobatdaky netijeli ädim boldy.
Günüň dowamynda birnäçe baý many-mazmunly çäreler geçirildi. Açylyş dabarasyna hormatly myhmanlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Soňra “Haýwanat dünýäsi gözelliginiň sergisi” tomusky günlerde çagalaryň täsirlilik bilen haýwanat bilen tanyşmagyna mümkinçilik berdi. Bu sergi arkaly ýaş nesliň tebigata bolan höwesini artdyrmak, olaryň gözýetimini giňeltmek göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem, “Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň çagalar bilen alyp barýan işleri barada gysgaça çykyşlar guraldy. Olarda jemgyýetiň ýaşlaryň arasynda ekologiýa taýdan sowatlylygyň artdyrylmagy ugrunda alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň dowamynda tebigaty goramak maksady bilen dürli gyzykly oýunlar hem geçirildi. Toplaryň reňkine görä düzülmegi, reňk boýunça tapawutlary kesgitlemek we soňra onuň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny düşündirmek ýaly oýunlar çagalaryň pikirlenmek ukybyny ösdürmäge gönükdirildi.
Şeýle hem, haýwanlaryň gözelligini şekillendiren suratlar bilen geçirilen bäsleşikde, her topar öz suratynyň haýsy haýwana degişli bolup bilýändigini çaklap, şol barada giňişleýin maglumat berdiler. Iň köp maglumat beren topar ýeňiji boldy.
Guramaçylar tarapyndan bellenilişi ýaly, bu çäreler arkaly ýaş nesliň daşky gurşawa, janly-jandarlara bolan gatnaşygy has-da çuňlaşýar. Bu bolsa, geljekde ekologiýa taýdan sowatly, ynsanperwer nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.