
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň agzybirligini, jemgyýetimiziň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu ugurda hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guran “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” atly wagyz-nesihat maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.
2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen bu ähmiýetli çärede ýurdumyzyň ösüşleriniň täze tapgyrynda zähmet çekýän zenanlaryň belent orny, olaryň jemgyýetdäki abraý-mertebesi hem-de döredijilikli başlangyçlary hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahat Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Mejlisler zalynda geçirildi. Oňa zähmetde tapawutlanyp, jemgyýetde işjeň orun eýeleýän zenanlar, ýaşlar we degişli guramalaryň wekilleri gatnaşdy.