Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen-Belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
11.07.2025

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyga aýratyn üns berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi