Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy
11.07.2025

Türkmenistanyň gallaçy daýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, bu zähmet üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideriniň oba hojalyk pudagynda başyny başlan özgertmeleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ora­k möw­sü­min­de «John Dee­re», «СLA­AS» ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň hä­zir­ki za­man bugdaý oru­jy kom­baýn­la­ry ne­ti­je­li ulanyldy. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar gi­je-gündiz­le­ýin ter­tip­de iş­le­di­lip, ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­ma­ga ýar­dam berdi.

Bugdaý oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşaldy. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklerine ýardam berdi.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Bugdaý oragyna ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda badalga berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi