
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary 2025-nji ýylyň 29-njy iýunyndan 20-nji iýuly aralygynda Pekindäki Hytaý Nebit Uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribesini geçýär.
Bu sapar Hytaý Nebit Uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasynyň (CNPC) işi bilen tanyşmak we olaryň tejribesini öwrenmek maksady bilen guraldy. Üç hepdelik okuw üçin hytaý uniwersiteti türkmen talyplary üçin ýöriteleşdirilen okuw maksatnamasyny taýýarlady. Onuň çäklerinde talyplar uniwersitetiň laboratoriýalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen tanyşýarlar.
Talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti”, “Ýaşyl energetika we uglerod zyňyndylarynyň azaldylmagy”, “Nebit we gazyň geljegi” we “Ýüpek ýolunda energetiki hyzmatdaşlygyň geljegi” ýaly mowzuklar boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşýarlar. Okuwlar Hytaý uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilýär.
Tejribe döwründe talyplar Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasynyň edaralaryna we önümçilik desgalaryna baryp görerler. Şeýle hem türkmen myhmanlary üçin Hytaýyň Geologiýa muzeýine, Ylym we tehnologiýa muzeýine we Beýik Hytaý diwaryna gezelençler guralar.
Talyplaryň Hytaýda okuw tejribesi 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasynyň hem-de Hytaý Nebit Uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň esasynda yzygiderli esasda alnyp barylýar.