Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmegi öňe sürdi
10.07.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde 9-njy iýulda gämä münüp, Hazar deňziniň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy.

Ýüzüşiň dowamynda Gahryman Arkadag deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ýurduň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek we alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi