
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilýän pursatlarynda medeni-ynsanperwerlik çäreleriniň guraljak ýerine hem baryp gördi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagyň garamagyna Awazanyň medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen merkeziniň abatlaýyş işlerine degişli şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary, bu ýerde we suw çüwdürimleriniň howdanlarynda oturdyljak mermerleriň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň we merkeziň çäginiň germewleriniň görnüşleri, çykyş etmäge niýetlenilen sahnanyň abadanlaşdyrylyşy bilen bagly taslamalar bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Bu ýerde deňziň kenarynda geçiriljek forumyň medeni maksatnamasynyň taýýarlanmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigi, halkara maslahatyň hormatyna özboluşly dostluk festiwalynyň guraljakdygy, oňa Merkezi Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara forum we onuň çäklerinde geçiriljek ugurdaş çäreler babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.