Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar
09.07.2025

8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilen bu uly halkara çärä taýýarlygyň derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Awaza» köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, onuň merkezi girelgesiniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli derejede ýerleşdirilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadag maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin hem ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

— Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir — diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda özüniň öwüt- nesihatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine ähmiýet berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri degişli ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara çärelere taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen hem tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi