Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
03.07.2025

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.

Saparyň çäklerinde Jong Won-ju Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Ol Daewoo E&C-nyň Türkmenabatdaky mineral dökün zawodynyň gurluşygyna gatnaşmagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kompaniýanyň ygrarlydygyny nygtady.

Daewoo E&C-nyň ýolbaşçysy şeýle hem gaz känlerini işläp taýýarlamak, nebithimiýa zawodlarynyň gurluşygy, demir ýol, metropoliten we beýik binalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Jong Won-ju gurluşyk, energetika we senagat boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bilen hem duşuşyp, Daewoo E&C-nyň nebithimiýa zawodlarynyň täze taslamalaryna gatnaşmak teklibi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goldaw berýän birnäçe infrastruktura başlangyçlaryna goşant goşmaga gyzyklanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Daewoo E&C-nyň ýolbaşçysy nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer Batyr Amanow hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşyk geçirip, kompaniýanyň nebitgaz pudagyndaky täze taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Gyu Tek bilen duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar koreý işewürliginiň türkmen bazaryna çykmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek meselelerine bagyşlandy.

Daewoo E&C-nyň wekili Türkmenistany kompaniýanyň strategik bazarlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi we iş portfelini giňeltmek hem-de ýerli bazara ornamak işlerini çaltlandyrmak niýetini beýan etdi. Kompaniýa sebitdäki ornuny berkidýär we ýolbaşçylyk bilen yzygiderli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti