Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
03.07.2025

Türkiýe Respublikasynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.

Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylýar.

Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän halkara sergi 2 – 5-nji iýul aralygynda dowam eder.

Çeşme: "Watan" habarlar gepleşigi