
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň Balkanabatdaky 1-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çägindäki baýlyklar känlerini özleşdirmek, täze ýangyç geçirijilerini çekmek, öňki bar bolanlaryň durkuny täzelemek, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak işlerini ýokary hilli berjaý edýärler.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryjy kärhanalarynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň welaýatyň çäginde ýerleşýän «Balkangazüpjünçilik» hem-de «Günbatargazakdyryş» müdirlikleriniň buýurmalary boýunça ýangyç geçirijileriň durkuny täzelemek işlerini ýokary depginde alyp barýan kärhananyň hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri 46 million 564 müň manatlykdan gowrak dürli işleri ýerine ýetirip, göz öňünde tutulan meýilnamany artygy bilen berjaý etmegi başardylar.
Hünärmenleriniň gaz geçirijileri çekmekde, desgalary bina etmekde gazanan köpýyllyk tejribeleri bu işleri abraý bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Toplanan tejribeler we zerur bolan maýa goýumlar, material-tehniki serişdelerdir enjamlar bilen üpjünçilik işleri bellenen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirmäge ygtybarly kepil bolup hyzmat edýär.
«Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan belent wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar, onuň eksport mümkinçiligi ýokarlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan şeýle işler giň gerime eýe bolýar, şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň kuwwaty yzygiderli artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlanýar. Biz muny gündelik durmuşymyzda anyk görýäris.
Ýeri gelende aýtsak, kärhanamyzyň gurluşykçylary Balkan welaýatynyň çägindäki tebigy känlerde ýangyç geçirijileri çekmek bilen birlikde, önümçilik ähmiýetli nebit we gaz desgalaryny gurmakda we öňki bar bolanlaryň durkuny täzelemekde, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalary bina etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda gurluşyk işleriniň gerimi has-da artdy.
Şu günler gurluşykçylarymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» hem-de «Günbatargazakdyryş» müdirlikleriniň garamagyndaky gaz geçirijileri abatlamak işlerini ýerine ýetirýärler. Şonuň bilen birlikde, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gämi» myhmanhanalar toplumynda we sagaldyş-dikeldiş merkezlerine degişli bolan kömekçi hojalyklarda gurluşyk-gurnama işlerini berjaý etdik. Häzirki wagtda hünärmenlerimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awazadaky «Awaza» sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu işler şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar» diýip, müdirligiň ýolbaşçysy Nurmämmet Annamämmedow gürrüň berdi.
Çeşme: Türkmenmetbugat