
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Işewür ata Watan Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär, Milli Liderimiziň döreden ençeme ylmy işleri bolsa ýaşlar üçin uly mekdep we durmuşda ýol görkezijidir.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlan türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak däplerinden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi. Häzirki wagtda bu kompaniýa senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.
Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýurdumyzyň energetika pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine berk ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.