Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy medeniýetiň we sungatyň baýramçylygyny belleýär
26.06.2025

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Seniň arzuwyň hasyl boldy, hak boldy, şygyr äleminiň şasy Pyragy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň (YBTGI) geologiýa bölüminiň ylmy işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Güljemal Mämmedowa, «Türkmennebit» DK-nyň umumy bölüminiň baş hünärmeni, TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň inženeri, KA-nyň işjeň agzasy Aýgül Durdyýewa we nebitgaz toplumynyň beýleki edara-kärhanalarynyň hünärmenleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli çäkden belentdedigi, watanperwerlik, edermenlik we ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde, terbiýe mekdebi bolan türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyran beýik şahyryň edebi mirasynyň mundan beýläk öwrenilmeginiň we giňişleýin wagyz edilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan medeniýet strategiýasynda dürli döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýan ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny we dürli öwüşginli many-mazmuna baýdygyny hem-de onuň halklaryň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň ösdürilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaklyga gönükdirilendir. Bu bolsa dünýäniň medeni gatnaşyklarynyň ösüşi, onda milli medeniýetiň eýeleýän orny barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriň waspyny ýetiren görnükli söz ussadyny hormatlamak çäresi bilen utgaşdyrylmagynda çuňňur many bar. Ynsan kalbyny baýlaşdyrýan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy häzirki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy-ahlak gymmatlykdyr.

Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belent heňde ýerine ýetirilen aýdymlarda Garaşsyz ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşleri wasp edildi. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýerine ýetirilen türkmen halk aýdymlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti