Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di
14.06.2025

13-nji iýunda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa çy­kyş edip, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar­dan ugur alyp, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li ka­nun tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ryň par­la­ment­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän me­se­le­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­na­ty­nyň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Ola­ryň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­siň we­kil­le­ri döw­let eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ra we okuw mas­la­hat­la­ry­na gat­naş­dy­lar, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Du­şen­be şä­he­rin­de hem-de Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­nyň Sa­ra­ýe­wo şä­he­rin­de iş sa­par­la­ryn­da bol­du­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi