Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.06.2025

12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar. Oňa ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ylmy işler bilen meşgullanýan dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen yglan edilip, olar baýraklar bilen sylaglandy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi