
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dokma we moda pudagyna ýöriteleşen “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Çäräniniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we “TurkmenExpo” kompaniýasy çykyş edýärler.
Sergi tebigy süýümleri gaýtadan işlemekden moda eşiklere, dokma himikatlaryna, esbaplara we iň täze tehnologiýalara çenli köp ugurlary öz içine alýar.
Türkmen dokma senagatynyň mümkinçiliklerini görkezmek, ulanylýan innowasiýalary ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek serginiň esasy maksatlaryyň biridir.
“Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasy Italiýa, Beýik Britaniýa, Singapur, Gollandiýa, Taýland, Gazagystan, Hindistan, Özbegistan we Türkmenistanyň dizaýnerlerini we hünärmenlerini bir ýere jemledi.
Serginiň meýilnamasy moda görkezişlerini, ussatlyk sapaklaryny, tejribe alyşmaga we hünär gepleşiklerini ösdürmäge gönükdirilen leksiýalary we sorag-jogap alyş-çalyşlaryny öz içine alýar.
“Turkmentextile Expo-2025” sergisi Türkmenistanyň dünýä moda we dokma senagatyna goşulmak islegini görkezmek bilen bir hatarda, tejribe alyşmak, hünär gatnaşyklaryny berkitmek we milli dokmaçylyk mirasyny dünýä ýüzünde ösdürmek üçin esasy platforma bolup hyzmat edýär.
“Turkmentextile Expo-2025” 2025-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli dowam eder.
Çeşme: Halkara Habarlar merkezi