
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa we geohimiýa kafedrasynda «Buraw turbalarynyň boşluklaryndan howany gysyp çykarmak üçin innowasion gidrawlik enjam» işlenip düzüldi.
Agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary — tehniki ylymlaryň doktory Arslan Geldimyradow, uly mugallym Döwran Esenow, uly mugallym Rejepguly Gulmämmedow, mugallym Mahmut Haýdarow tarapyndan oýlanyp tapylan enjama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 956 belgili çäklendirilen patent alyndy.
Innowasion gidrawlik enjam burawlaýjy turbalar, oturtma sütünler guýa goýberilen wagty olaryň içini buraw ergini bilen dolduryp, buraw turbalarynyň, oturtma sütünleriniň içki boşluklaryndaky howa toplanmalaryny gysyp çykarmak üçin niýetlenendir.
Bu enjamy önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini mugallymlary hem-de «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri bilelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 261-nji guýusynda 1 müň 600 metr, 263-nji guýusynda 2 müň 350 metr, 231-nji guýusynda 3 müň 496 metr we 264-nji guýusynda 4 müň 19 metr çuňluklarda ulanyp, üstünlikli synag edildi. Synagyň netijesinde guýularda buraw işlerini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan işlenip düzülen innowasion gidrawlik enjamy önümçilik işlerinde ulanmak bilen, guýulary burawlamak prosesinde guýynyň düýbündäki basyşyň üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan päsgelçilikleriň öňüni alyp bolýandygyna göz ýetirildi.
Bu mugallymlaryň işleriniň ýene-de biri «Pnewmatiki suw çüwdürimli ýuwujy enjam» diýip atlandyrylýar. Ol buraw desgalaryny, onuň agregatlaryny, detallaryny ýuwmak, arassalamak, iş wagtyny, suwy tygşytlamak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, netijede, çykdajylary azaltmak, çylşyrymly tehnologiýalaryň kadaly, ýokary hilli, uzak möhletli işledilmegini gazanmak maksady bilen işlenip düzüldi. Bu enjama hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 935 belgili çäklendirilen patent alyndy.
Çeşme: "Nebit-gaz" elektron gazeti