
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti tarapyndan ýylyň başyndan bäri 1 million 278 müň 817 tonna «gara altyn» çykaryldy. Munda işine ezber burawlaýjylaryň mynasyp paýynyň bardygy öz-özünden düşnüklidir. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 57 müň 246 metr ulanyş we 16 müň 51 metr gözleg guýulary gazyldy. Meýdançalarda burawlaýyş işlerini alyp barýan kärhanalary «Burnebitgazhyzmat» müdirligi degişli turbalar bilen wagtly-wagtynda üpjün edip durdy. Müdirlikde göterijiligi 12,5 tonna bolan köpri-kranlaryň, 12 tonnadan 25 tonna çenli agyrlykdaky ýükleri götermäge ukyply kranly awtoulaglaryň, turbalary daşamak üçin ýöriteleşdirilen kuwwatly awtoulaglaryň birnäçesi bökdençsiz işledilýär.
Önümçilik ýerleri bolan Goturdepede, Körpejede, Ekeremde we Akpatlawukda müdirligiň turba meýdançalary bar. Gazuw işi alnyp barylýan Barsagelmez we Uzynada ýaly ýerler-de şu müdirlik tarapyndan turbalar bilen üpjün edilýär. Müdirligiň özünde dört sany ülüş bolup, olarda burawda ulanylýan oturtma turbalary gaýtadan işe girizmekde hem netijeli işler bitirilýär. Ol turbalar göneldilip, hyrlanyp, burawlaýjylara ugradylýar. Kärhanadaky kuwwatly «ASW-1050» we «ASW-700» kysymly enjamlar burawlaýjylara ugradylýan turbalaryň abatlygyny, basyşa çydamlylygyny doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Pudaga gelip gowuşýan täze turbalardan başlap, ozal ulanyşdan gelen turbalara çenli ählisi müdirligiň buraw turbalaryny abatlaýan sehiniň tehniki gözegçilik gullugynda barlanyp pasportlaşdyrylýar.
Bu gullugyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde şeýle jogapkärçilikli işi amala aşyrýan ýeke-täk gullukdygyny bellemek gerek.
Çeşme: Türkmenmetbugat