Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Hindistanyň premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi
09.06.2025

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin ýygnagyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda iň ýokary döwlet derejesinde döredilen açyk we konstruktiw gepleşigiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy görkezijisi bolup durýandygy bellenildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Başlygynyň salamyny we ýakymly sözlerini ýetirdi.

Ykdysady nukdaýnazardan Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we ulag, energiýa, senagat, ýokary tehnologiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň we bu ugurdaky işleri dowam etdirmek üçin itergi berilmeginiň wajyplygyna aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ulag merkezlerini Ýakyn Gündogar, Hazar sebiti we Ýewropa bilen birleşdirmek halkara logistika hyzmatdaşlygyň özenine öwrüljekdigi nygtaldy. Bu ugurda Günorta-Demirgazyk halkara ulag geçelgisine aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň syýasy we diplomatik ugurda Hindistan bilen gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardygy nygtalyp, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ynsanperwer alyş-çalyşlary güýçlendirmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrlig