Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.06.2025

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew garalýan döwürde ýurduň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy, harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada-da aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşuny maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine harby gullukçylaryň maddy we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ozal berlen tabşyryklaryň, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, düzümleriň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurduň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi