
4-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B. Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108; benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8; dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,2; çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 121,1 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 102,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.