
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary şu günler Balkan welaýatynyň çägindäki baýlyk känlerinde gözleg-gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Gürrüňi edilýän trest boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen dört aýynda 55 müň 910 metr ýerasty çuňluk geçilip, göz öňünde tutulan meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde ulanyşa berlen guýularyň sany 13-e ýetdi. Diňe şu ýylyň aprel aýynda burawlaýjylaryň yhlasly zähmeti netijesinde «gara altynly» guýularyň dördüsi nebitçilere ulanyşa berildi.
Kämil enjamlardyr desgalar bilen üpjün edilen «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary gürrüňi edilýän döwürde 10 müň 357 metr ýerasty çuňluk geçip, önümli guýularyň bäşisini ulanyşa berdiler. Şu ýylyň geçen döwri üçin göz öňünde tutulan meýilnamadan daşary 2 müň 606 metr gözleg-gazuw işlerini artyk ýerine ýetiren «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary bolsa sebitde dört guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar.
«Körpeje» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary şu ýylynyň geçen döwründe 11 müň metrden gowrak ýerasty çuňluk geçip, ulanyş maksatly guýularyň üçüsini nebit-gaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa berdiler. Geçen döwür üçin ýerasty çuňluk geçmek baradaky meýilnamany 112 göterim amal eden «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary bolsa göz öňünde tutulan bir guýyny nebitçilere ulanyşa bermegi başardylar.
Çeşme: Türkmenmetbugat