
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji maýda gol çeken resminamalaryna laýyklykda, «Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernlerine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC Turkmenistan RSC Limited» kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. 14-nji maýda degişli resminamalara gol çekdi.
Resminamalar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.