
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi tarapyndan «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport bäsleşikleriniň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Nebitgaz senagatynyň ýaşaýyş jaý toplumyndaky sport desgalarynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda guramaçylykly geçirilen bäsleşiklerde türgenler we sporta höwesek ýaşlar stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, darts boýunça güýç synanyşdylar.
Birnäçe gün dowam eden bäsleşikler diýseň çekeleşikli geçdi. Sport çäresinde erkekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, daş götermek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň, şaşka, düzzüm, darts boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, tanap çekmek, ýaglyga towusmak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň türgenleri tapawutlandy. Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň türgenleri özleriniň has taýýarlyklydygyny görkezip, ýokarda sanalan ähli sport görnüşlerinde baýrakly orunlary eýeläp, öňdeligi sakladylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiş gazanan ähli türgenlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Guramaçylykly geçirilen bäsleşikleriň jemleniş dabarasynda «Türkmengaz» döwlet konserninden wekilçilik eden ýeňijilerden Meýlis Annaşow bilen gysgaça söhbetdeşligimizde ol şeýle gürrüň berdi: «Men bu sport çärelerine stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça gatnaşdym. Garşydaşlarymdan üstün çykmak maňa başartdy. Netijede, 1-nji orna mynasyp boldum. Ýeri gelende sport bilen yzygider meşgullanýanlygymy aýdasym gelýär. Sport bilen meşgullanmaga bize ähli mümkinçilikler bar. Men «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý klubunyň düzüminde hem çykyş edýärin. Biz ýaşlar üçin sport bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýäris».
Çeşme: http://oilgas.gov.tm/