
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda nebitgaz serişdelerini öndürmegi artdyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleriniň hem-de Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.
Maslahatyň barşynda Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynyň miosen çökündileriniň öwrenilişi, nebit çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary, nebit çykarylýan guýulary ulanmagyň amatly usullary, guýularyň düýpýaka zolagyna täsir etmegiň kämilleşdirilen ugurlary, harytlyk nebitleri taýýarlamakda himiki reagentleriň saýlanylyşy, buraw erginlerini taýýarlamak üçin hödürlenilýän täze ingibirleýji goşundylar we gatlak suwlarynyň guýa bolan akymyny çäklendirmegiň kämilleşdirilen tehnologiýalary dogrusynda çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda nebitiň we gazyň çykarylyşyny durnukly ýagdaýda saklamaga gönükdirilen teklipler hödürlenildi.
Maslahatyň barşynda myhmanlar bilen alymlaryň we ylym işgärleriniň arasynda özara tejribe we pikir alşyldy. Çykyşlarda hödürlenilýän teklipleriň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin ähmiýetiniň uludygy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan bellenip geçildi.
Çeşme: «Nebit-gaz» elektron gazeti