Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» sergi geçiriler
05.05.2025

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçiriler. Bu çäre Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça Maksatnamasynyň (BMG-Habitat) işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

Her ýylyň 25-nji maýynda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan halkara serginiň we maslahatyň esasy maksady şähergurluşyk ulgamyndaky üstünlikleri görkezmekden hem-de türkmen paýtagtyny häzirki zaman talaplaryna laýyk, durnukly megapolise öwürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşylmakdan ybaratdyr.

Çärä şähergurluşyk, arhitektura, ulag, jemagat hojalygy we maglumat tehnologiýalary ýaly ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işleýän wekiller gatnaşyp, olar öz taslamalaryny hödürlärler hem-de şäher gurşawyny ösdürmek bilen baglanyşykly tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem bu çäre Aşgabadyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder.

BMG-Habitat guramasynyň maslahata gatnaşmagy Aşgabadyň durnukly şäher ösüşi boýunça halkara ugurlaryň çägindäki tejribesini seljermäge we dünýä tejribeleri bilen tanyşmaga şert döreder. Maslahat bilen bir hatarda gurluşyk, abadanlaşdyryş hem-de «akylly şäher» konsepsiýasy boýunça innowasion çözgütleriň we tehnologiýalaryň sergisi hem geçiriler.

Çeşme: Turkmenportal