Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
26.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Forumyň geçirilýän ýurdy hökmünde Malaýziýanyň saýlanylmagy ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini we durnukly ykdysady ösüşe, innowasiýalara hem-de sebitleýin integrasiýa bolan bilelikdäki ygrarlylygymyzy görkezýär. Bu bolsa örän wajypdyr, sebäbi şu ýyl Malaýziýa ASEAN guramasyna başlyklyk edýär diýip, wise-premýer aýtdy.

Batyr Amanow TEIF 2025-iň esasy maksadynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekdigini nygtady. Nebitgaz pudagy bolsa ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolmagynda galýar. Bu halkara gyzyklanma Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň we tutanýerli tagallalaryň netijesidir.

Wise-premýer şeýle hem, Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň strategik ýolbaşçylygynyň häzirki ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň binýadyny goýandygyny nygtady.

Türkmenistan dünýäde gury ýerde ýerleşýän iň iri gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käniniň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin açyk bolan birnäçe geljegi uly deňiz we guryýer serişdeleriniň mekanydyr. Batyr Amanow häzirki wagtda ýerasty gaz saklaýyş desgalary, öňdebaryjy gazy gaýtadan işleýiş zawodlary we halkara gaz geçiriji infrastrukturalary ýaly uly taslamalaryň işlenip taýýarlanýandygyny aýtdy.

Forumdaky ara alnyp maslahatlaşmalaryň Türkmenistanyň energetika pudagynda maýa goýum mümkinçilikleriniň ýol kartasyny kesgitlejekdigini, strategik taslamalara we eksport ugurlaryna aýratyn üns beriljekdigini belledi. Şolaryň hatarynda Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi, TOPH transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan, Eýran we Türkiýe bilen sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy, şeýle hem Galkynyş käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi, gazhimiýa önümçiligi, elektrik energiýasynyň öndürilişi we geljegi uly energetika ugurlary boýunça TOP geçelgesiniň çägindäki mümkinçilikler bar.

Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy infrastrukturanyň ösüşini hem öz içine alýar diýip, Batyr Amanow aýtdy. Şu maksada laýyklykda, akylly şäherleriň döredilmeginden başlap, Merkezi Aziýany dünýä bazarlary bilen birleşdirýän sanly awtomagistrallara, öňdebaryjy logistika merkezlerine we Demirgazyk–Günorta hem-de Gündogar–Günbatar geçelgelerini emele getirýän demir ýollara çenli birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. Kuala-Lumpur bilen Aşgabadyň arasyndaky göni howa gatnawlary Merkezi Aziýa bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin derweze bolup hyzmat edýär diýip, wise-premýer nygtady.

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýiş we nebithimiýa pudaklarynda hem strategik maýa goýum mümkinçilikleri bar. Batyr Amanowyň bellemegine görä, ýurdumyz öz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrýar, nebithimiýa önümçiliginiň göwrümini giňeldýär we ýangyç gazlarynyň netijeli ulanylmagyny höweslendirýär. Forumda geljekki şertnamalar, bilelikdäki kärhanalar we tehnologiýa geçiriş mümkinçilikleri hödürlenýär.

Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit känleriniň özleşdirilmegi, öňdebaryjy gözleg we gazy çykarmak usullary, şeýle hem uglewodorod pudagynyň kämilleşdirilýän hukuk binýady gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Innowasiýalara, öndürijiligiň netijeliligine we ekologiýa taýdan jogapkärçilige aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan dünýä energetika bazarynda ornuny giňeltmegi maksat edinýär.

Batyr Amanow Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky senagat, dokma, azyk önümçiligi we hyzmatlar ýaly dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça mümkinçilikleriň bardygyny hem belledi. Türkmenistan Malaýziýany energetika, söwda, inženerçilik, maliýe, bilim we senagat ösüşi ýaly ugurlarda strategik hyzmatdaş hökmünde görýär. Bu forum iş ýüzündäki biznes taslamalary, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk modelleri we öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, eksporty artdyrmak hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Dünýäniň pes uglerodly geljege geçýän häzirki döwründe, Türkmenistan hem öňe barýar diýip, wise-premýer belledi. Dubaýda geçirilen COP 28 sammitinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Metan boýunça Ählumumy borçnamasyna goşulandygyny yglan etdi. Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, Halkara metan zyňyndylaryny gözegçilik merkezi we beýleki hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Forumyň jemleýji mejlisi arassa energiýa innowasiýalaryna, zyňyndylaryň gözegçiligine we Gün, ýel, wodorod energiýasy hem-de metan zyňyndylaryny saklamak boýunça taslamalara maýa goýmak mümkinçiliklerine bagyşlandy. Bu ugurlarda daşary ýurt maýasy we tehnologiýalary hakykatdan hem uly ähmiýete eýe bolup biler diýip, Batyr Amanow aýtdy.

Wise-premýer ýurdumyzyň garaşsyzlygyny gazanany bäri sebitdäki öňdebaryjy energetika döwletine öwrülendigini nygtady. Türkmenistanyň ösüşiniň milli maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn geljekde nebitgaz toplumynda birnäçe iri taslamalaryň daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer halkara maýadarlaryň ünsüni Türkmenistanyň energetika pudagyndaky möhüm mümkinçiliklerine çekdi. Olar: Galkynyş gaz käniniň geljekki tapgyrlarynyň özleşdirilmegi; Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bölekleriniň özleşdirilmegine gatnaşmak; köne ýataklarda nebit çykaryşyny kadalaşdyrmak boýunça maýa goýumlar; ýerasty gaz ammarlarynyň gurluşygy; iri senagat infrastruktura we gaýtadan işleýiş taslamalary üçin EPC-kontraktlardyr.

Aşgabat özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin dürli hyzmatdaşlyk modellerini teklip edýär. Olaryň arasynda: Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunyna laýyklykda töwekgelçilikli hyzmat şertnamalary; önümçilik, nebiti gaýtadan işlemek, gurluşyk, nebitgaz we himiýa senagatlarynda aýratyn işlere hyzmat şertnamalary; nebitgaz enjamlaryna hyzmat etmek we abatlamak üçin bilelikdäki hyzmat kärhanalarynyň döredilmegi bar.

“Biz halkara hyzmatdaşlary şu mümkinçilikleri öwrenmäge we Türkmenistanyň energetiki geljeginiň nobatdaky bapyny bilelikde ýazmaga çagyrýarys. Türkmenistan dünýä açyk döwletdir. Durnukly syýasy ýagdaýy, aýdyň maýa goýum hukuk binýady we giň gerimli milli ösüş maksatnamalary bilen biz ähli gyzyklanýan maýadarlary we hyzmatdaşlary üstünlikli taryhymyzyň bir bölegi bolmaga çagyrýarys” diýip, Batyr Amanow aýtdy.

Forumyň möhüm pikirlere, amaly netijelere we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine ýol açjakdygyna ynam bildirip, wise-premýer durnukly ösüşe, ykdysady durnuklylyga we bilelikdäki gülläp ösüşe esaslanýan geljegi bilelikde guramaga, Türkmenistanyň durnukly, gülläp ösýän, depginli ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrdy.

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti