Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TNGIZT-de suw infrastrukturasyny täzelemek meýilleşdirilýär
22.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) suw infrastruktura obýektleriniň we ulgamlarynyň täzelenmegi baradaky teklibini makullady. Bu çözgüt zawodlar toplumynyň önümçiligi üçin zerur bolan suwuň möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow döwlet Baştutanyna degişli teklibi hödürledi we täzelenme işleriniň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda geçirilýändigini belledi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge we önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň has giňden ornaşdyrylmagyna ýardam berer.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi