Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Liwiýanyň medeniýet günleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler
19.04.2025

18-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Şeýle hem bu ýerde arap kolligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitap we milli tagamlarynyň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Liwiýa Döwletiniň ýurdumyzdaky Medeniýet günlerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi