
Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşmesiniň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda «Saçy uzynyň-ýüregi ýuka» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar özleriniň uzyn saçlaryny wasp etdiler we ene-mamalarymyň däp-dessurlaryna eýerip, saçlaryny daradylar hem-de öz ýürek owazlary bilen aýdymlary, goşgulary, gazallary, hüwdileri ýerine ýetirdiler.
Bu çäre orta hünär okuw mekdebiniň durmuşynda möhüm waka öwrülip, ol ýaşlaryň ahlak we estetiki terbiýesine goşant goşdy.
Çykyş edenler ýurtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli amala aşyrylan beýik işler, döwrüň ajaýyp üstünlikleri we ösüşleri barada täsirli gürrüň etdiler.