Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Astrahanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi
18.04.2025

Ýakynda Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

«Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly geçirilen bu çärä milli medeni jemgyýetleriň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň, bilim we medeniýet edaralarynyň wekilleri, taryhçy-etnograflar, ülkäni öwrenijiler, arhiw işgärleri, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlary hem-de türkmen talyplar gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm orun eýeleýän döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahanly türkmenleriň däp-dessurlaryna we ýaşaýyş-durmuşyna bagyşlanan çykyşlar beýan edildi.

Ýerli türkmenleriň we beýleki türki halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny açyp görkezýän sergi myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Ekspozisiýada sungat eserleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler görkezildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi