Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň önümleriniň sergisi geçiriler
12.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyz tarapyndan şu ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurdumyzyň önümleriniň sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, iki dostlukly ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek hem-de goňşy ýurduň telekeçilerini we sarp edijilerini Türkmenistanyň eksport mümkinçiligi bilen giňden tanyşdyrmak bu serginiň baş maksadydyr. Çäräniň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öndürilýän eksport ugurly harytlar hem-de Senagatçylaryň we telekeçileriň birleşiginiň agzalary tarapyndan öndürilýän önümler görkeziler.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hasabaty jemläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyz tarapyndan goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Döwlet Baştutany Gürgen şäherinde ýurdumyzyň önümleriniň sergisini geçirmegiň teklibini makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi