Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda milli göreş we guşakly göreş boýunça halkara ýaryş geçiriler
12.04.2025

Hökümetiň mjlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde sportuň milli we guşakly “Alyş” göreşi boýunça halkara ýaryşyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredildi we ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar.

Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşyna daşary ýurtlardan köpsanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda sportuň milli we guşakly «Alyş» göreşi boýunça halkara ýaryşyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň HHM-i