
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi Türkmenistanda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň ylma bolan höwesiniň artdyrylmagy babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu möhüm çäre sanly ulgam arkaly ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Gürrüňi edilýän Ähtnama Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer. Onuň esasy maksady wodorod energiýasy ýaly geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän ugurda bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmekden, şeýle hem ekologik taýdan arassa, durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti, professor Kýosuke Nagata çykyş edip, ylym-bilim, tehnologiýa babatdaky hyzmatdaşlygyň diňe bir iki ýurt däl, eýsem, dünýä derejesindäki ösüş üçin hem örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Sukuba uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti, professor Osamu Ohneda, Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň dekany, ýerine ýetiriji direktory, professor Toşinobu Usuýama hem gatnaşdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar. Ýapon dili ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hem-de ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde öwredilip, ýaşlaryň oňa bolan gyzyklanmasy has-da artýar. Mundan başga-da, bilelikdäki ylmy-amaly forumlaryň, okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Gol çekilen täze Ähtnama diňe bir iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine däl, eýsem, ylym babatda halkara gatnaşyklaryň ösmegine, ýaş alymlaryň we talyplaryň döwrebap tejribeleri özleşdirmegine-de giň ýol açýar. Galyberse-de, wodorod energiýasy ýaly möhüm ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşine möhüm goşant goşar.
Çeşme: Türkmenmetbugat