Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
10.04.2025

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäherde Gahryman Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede abadanlaşdyrylýan şaýolunyň ugrunda şöhraty dünýä dolup, ady rowaýata öwrülen  bedewleriň heýkelleri oturdylar. Heýkelleri döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewiň taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.

Gahryman Arkadagymyz paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.  Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyň we söýgüniň artmagyny şertlendirer.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow ilki bilen, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyk işlerine ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli we daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň bäşisi işleýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän tebigy çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenilen taslamalara Grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, şonuň ýaly-da, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn şäherara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirildi.

Çarşenbe güni Hajy Arkadagymyzyň mukaddes metjidiň gurulýan ýerine gelip, şekil taslamalar bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň rowaç alýandygynyň güwäsidir.

Bu çärä Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow gatnaşmak bilen  Hajy Arkadagymyza täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň metjidiniň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik döredilýär. Şol sanda täze metjitde birbada  5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy barada hasabat berildi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini netijeli alyp barmak, Gurban baýramyny we Oraza baýramyny degişli derejede dabaralandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzda üç günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň müftüsi Hajy Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň  parahat we asuda bagtyýar durmuşyny, Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, haýyr işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi