Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen önümler uly islege eýe bolýar
08.04.2025

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna gyrgyzystanly telekeçilere nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 391 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, boýalan matany, nah ýüplügi, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi