Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Şu ýylyň üç aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi
07.04.2025

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi