
5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 7-nji aprelde Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.