
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň geçen iki aýynda bitirilen işler bu möhüm wezipä abraý bilen hötde gelinýändigine şaýatlyk edýär.
Gürrüňi edilýän hasabat döwründe bu topluma 724,5 müň tonna golaý nebit çig maly gelip gowşup, bellenilen meýilnama 102,3 göterim amal edildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,5 müň tonna golaý köpdür. Gelip gowşan gymmatly çig malyň gaýtadan işlenilip, taýýar harytlyk görnüşine getirilen möçberi bolsa 696 müň tonna barabardyr. Taýýarlanylan awtoulag benzininiň jemi 221 müň tonna golaýyny taýýarlamak baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý eden gaýtadan işleýjiler kerosiniň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşlerini taýýarlamakda hem oňat netijeleri görkezdiler.
Bu ýerde geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 780 tonna polipropilen artyk taýýarlanyldy. Gaýtadan işleýjileriň ýangyç mazudyny taýýarlamagyň meýilnamasyna 203 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň tabşyrygyna 166 göterim hötde gelendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek.
Çeşme: Türkmenmetbugat