Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi
02.04.2025

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Oňa rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, türkmen tarapyndan bolsa «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Iş toparynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

Mejlisiň barşynda iş toparynyň ýedinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri nebitgaz önümçiligine we nebithimiýa senagatyna degişli kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, baý tebigy serişde kuwwaty, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreleri-de ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Rumyniýaly myhmanlar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördüler.