Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TEIF 2025 forumyna GECF-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim bolar
01.04.2025

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna (TEIF 2025) taýýarlyk işleriniň ýokary depginde dowam edýär. Bu forum 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Turkmen Energy Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda geçiriljek foruma gatnaşjak wekilleriň sany gün-günden artýar.

“Turkmen Energy Forum-yň” habar bermegine görä, TEIF 2025 forumyna Gaz eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel hem gatnaşar. Ol birinji sessiýanyň – “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri – tebigy gaz we onuň girdejili peýdalanylyşy” atly maslahatyň çäklerinde çykyş eder. Mohammed Hamel Türkmenistanyň energetika bazaryndaky mümkinçilikleri we maýa goýumlary üçin açylýan täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşar.

Bu iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň we GECF-niň energetika hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek isleginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 19-njy martynda Mohammed Hamel ýurdumyza gelip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşdy. Mundan başga-da, ol Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

GECF-iň metbugat beýanatynda Mohammed Hameliň Türkmenistanyň sebit we dünýä energetika pudagyndaky öňdebaryjy ornuna ýokary baha berendigi, ýurdumyzy tebigy gaz üpjünçiligi babatda dünýäde strategik ähmiýete eýe döwletleriň biri hökmünde görýändigi beýan edilýär. Şeýle-de, ol ýurduň energetika howpsuzlygyna, bazaryň durnuklylygyna we ykdysady hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny belläp geçdi. Tebigy gazyň adalatly we hemmelere elýeterli energetika geçişini gazanmakda möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Şeýle hem GECF-niň Baş sekretary Türkmenistanyň energetika strategiýasyna bu guramanyň hemişelik goldaw berýändigini, bilim we tejribe alyşmak arkaly mümkinçilikleriň giňeldilmegine hem-de sebit we dünýä derejesinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Duşuşyklaryň dowamynda iki tarap hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň GECF bilen hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

GECF – hökümetara gurama bolup, öz agza ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Guramanyň doly hukukly agzalary: Alžir, Boliwiýa, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Eýran, Liwiýa, Nigeriýa, Katar, Russiýa, Trinidad we Tobago, BAE hem-de Wenesuela bolup durýar. Mundan başga-da, Angola, Azerbaýjan, Yrak, Malaýziýa, Mawritaniýa, Mozambik, Peru we Senegal synçy derejesinde guramada çykyş edýärler.

GECF dünýä energiýa bazarlaryna uly täsir ýetirýän gurama bolup, dünýäniň tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 69%-ine, önümçiliginiň 39%-ine, gaz eksportynyň 40%-ine we suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) eksportynyň 51%-ine eýedir. Şeýlelikde, GECF halkara gaz senagatynda esasy oýunçylaryň biri bolup durýar.

Çeşme: «Nebit-gaz» еlektron gazeti