Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşar
29.03.2025

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň 8 — 10-njy apreli aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de wise-premýere Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gowy taýýarlyk görmegi we oňa işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi