
26-njy martda Ýerewanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow, ermeni tarapyna bolsa ýurduň dolandyryş-çäk we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan başlyklyk etdi.
Mejlisiň dowamynda Aşgabat bilen Ýerewanyň dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeklige uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Ermenistana Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň önümlerini eksport etmek meselesine hem garaldy. Häzirki wagtda Ermenistanyň degişli edaralary «Türkmengaz» döwlet konserni bilen tebigy gazy satyn almak meselesinde gepleşikler geçirýärler. Bu ylalaşyk arkaly türkmen gazyny Eýranyň çägi arkaly Ermenistana ibermek meýilleşdirilýär. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan mälim etdi.
Tumanýanyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ermeni wekiliýetleri birnäçe gezek Türkmenistanda saparda bolup, energetika we beýleki ugurlar boýunça birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, bilelikdäki hereketleriň çäklerini we maksatlaryny kesgitleýän Teswirnama gol çekildi.
Çeşme: Türkmenportal