Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler
28.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň durmuşyň gülleridigini, olary goramagyň ertirki günüň bagtyýarlygynyň kepilidigini belläp, ösüp barýan ýaş nesilleriň sagdyn, sazlaşykly ösmegi, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny nygtady.

Gahryman Arkadag gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bäsleşigiň dowamynda körpeleriň çekjek suratlary, ýerine ýetirjek aýdymlary şanly senä mynasyp sowgat bolmalydyr.

Geçiriljek dabaralarda we bäsleşiklerde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpeleriň sazlaşykly ösüşine, olaryň sagdyn jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Çeşme: Türkmenportal