Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi
27.03.2025

Düýn Ýerewanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow, ermeni tarapyna bolsa ýurduň dolandyryş-çäk we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan başlyklyk etdi.

Ermeni tarapy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň täze ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda iki ýurduň mümkinçilikleriniň häzirki söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesinden has uludygy bellenilip, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy. Ministr D.Hudatýan ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigini belledi.

Mejlisde nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 22 million amerikan dollaryna ýetip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy.

Duşuşygyň dowamynda ulag-logistika, energetika, sanly ulgam, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we sport ýaly ugurlarda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda uzak ýyllaryň dowamyndan bäri dostlukly gatnaşyklar we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ýokary görkezijiler gazanylýar.

Mejlisiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlar we gazanylan ylalaşyklar boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Çeşme: Türkmenportal