Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
25.03.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nebitgaz toplumynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, şeýle hem olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmennebit» , «Türkmengaz», döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, nebitgaz toplumynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, "Türkmennebit" döwlet konserniniň wekilleri, işjeň agzalary we bu ulgamda işleýän gelin-gyzlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinden, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginden, «Türkmennebit» döwlet konserninden, Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýünden, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyndan we beýleki pudaklaryň edara-kärhanalaryndan wekiller çykyş etdi. Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtyýar hem-de rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Kararlary, Permanlary, Maksatnamalary, zenanlara döredilýän ýeňillikler, eneleriň durmuş üpjünçiligi boýunça hukuklary, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn bedenli, türkmeniň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna ygrarly ýaşlar edip ýetişdirmekde döredilýän şertler we mümkinçilikler, Zenanlar birleşiginiň Düzgünnamasy, ilkinji guramalarynyň işini kämilleşdirmek barada giňden gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda alyp barýan işleri, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, talabalaýyk dynç almagy, dünýä ylmyna aralaşmagy, eneleriň we çagalaryň saglygy baradaky edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç beýan edildi.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazedi