
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň "Körpeje" buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri ýakynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 7150 metr 81 belgili ulanyň guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, gaz kondensatynyň täze senagat akymyny almagy başardylar.
Geçirilen synag işleriniň netijesinde bu baýlyklar käninden ýangyç çig mal akymynyň alynmagy Uzynadanyň nebitgaz gorunyň has ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Täze önümli guýy synag-sazlaýyş işinden soň "Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazçykaryş" trestiniň "Gumdagnebit" nebitgaz çykaryş müdirligine ulanylyşa berildi. Häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 60 müň kub metr tebigy gaz we 42 tonna gaz kondensat berýär.
Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen kämil buraw desgasy ulanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakda edýän taýsyz aladalaryndan ruhlanýan "Türkmennebit" döwlet konserniniň merdana nebitçileri şu günler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanmakda has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Çeşme: “Watan” habarlar gepleşigi